Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ýeri gelende bellesek, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana geldi.

2. Türkmenistanyň Halkbank paýdarlar täjirçilik banky ykjam telefonlar üçin Sanly kart programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Onuň kömegi bilen ýurtda NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmek hyzmaty giriziler. Programma üpjünçiligi ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek maksady bilen işlenip düzüldi.

3. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Buhara şäherinde Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň we TÜRKMEN HALY haly dokalýan merkeziň açylyşy boldy. Açylyş dabarasynda toý bagy kesildi we Türkmen halylarynyň milli muzeýi we haly dokalýan merkez işe girizildi. Dabaraly çärä Buharanyň resmi adamlary, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, halyçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

4.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň raýatlaryny Aşgabat şäheriniň Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi mynasybetli gutlady.Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça işlere ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde 2021-nji ýylda girişildi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi.

5. Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy. Jemi 690 müň gektar meýdanda ekiş geçirildi. Häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

6. 9-10-njy noýabrda Aşgabatda Türkmentel — 2023 atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler. Öňde boljak çärelere ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň dowamynda sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleler gözden geçiriler.

7. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-9-njy noýarda Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana iş saparyny amala aşyrar.

Dünýäde

8.Russiýada durmuş üçin ilkinji zerurlygy bolan önümleri öndürijiler indi olary döwlet standarty (GOST) tarapyndan tassyklanan göwrümli gaplara gaplamalydyrlar we olary üýtgetmeli däldirler.Indi mesge we günebakar ýagyny, unaş önümlerini, şekeri, duzy, uny, tüwini, bugdaý ýarmasyny, gara çaýy we durmuş üçin ilkinji zerurlygy bolan beýleki iýmit önümlerini öndürijiler önümleriniň döwlet standartyna laýykdygyny mälim etmek üçin bu harydyň belli bir mukdaryny görkezýän gaplary ulanmalydyrlar.

9.Türkiýäniň ýolbaşçylary syýahatçylara jaýlary bermegiň düzgünini has-da berkitdiler.Indi jaýyny gysga wagtlyk kärendesine bermek isleýän öý eýeleri ýolbaşçylardan rugsatnama almaly.Täze karara laýyklykda, jaýyny syýahatçylara 100 gün ýa-da ondanam az wagt kärendesine bermek isleýän öý eýeleri ilki binanyň eýelerinden, soňra bolsa Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden rugsatnama almaly.

Bularyň hemmesi myhmanlar bilen şertnama baglaşmazdan ozal edilmeli.Jaýy rugsatsyz kärendesine berenlere azyndan 100 müň lira administratiw jerime salnar.

Sport habarlary

10.AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji aýlawynyň çäklerinde geçiriljek Ahal türkmen topary bilen Pahtakor özbek futbol toparynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň petekleriniň satuwy başlandy.Duşuşyk 7-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtyndaky Aşgabat köpugurly stadionda geçiriler we ýerli wagt bilen 19:00-da başlar.

petekleri Aşgabat stadionynyň kassasynda, şeýle hem Berkarar, Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerinde we Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezinde satyn alyp bilersiňiz.

11. Arkadag şäherine wekilçilik edýän adybir futbol topary şu möwsümde gatnaşan 22 sany resmi duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazandy. Penşenbe güni topar Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 20-nji tapgyrynda öz meýdançasynda Türkmenbaşy şäheriniň Şagadamyndan üstün çykdy. Duşuşyk Nusaý stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar