Türkmenistanda
1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.Halk Maslahatynyň Başlygy täze metjidiň gurluşygynyň we bezeg işleriniň ýokary ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça görkezmeleri berdi, şeýle hem şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar bilen tanyşdy.
Olaryň hatarynda Saglyk seýilgähi, Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasy, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar bar.
2.Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi.Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda iki ýurduň daşary işler ministrleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda senagat, energetika, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň ugurlary barada pikir alyşdylar.
3. 1-nji noýabrdan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy 7 ýurda Russiýa, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, BAE we Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar.Awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen täzelenen gyşky uçuş tertibi munuň şeýledigini subut edýär.
Türkmen howa ýollarynyň uçarlary hepdede 5 gezek Kazana, 10 gezek Stambula, 2 gezek Delä, 2 gezek Dubaýa, 2 gezek Pekine, 1 gezek Maýn boýundaky Frankfurta, 1 gezek Londona uçar.
4.Türkmenistanyň paýtagty ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda Dizaýn kategoriýasyna goşuldy.Aşgabat şäheri dünýäniň medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde taslamanyň bir bölegine öwrüldi.
Täze şäherler ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ulanmaga hem-de ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmäge berk ygrarlylygy üçin ykrar edildi diýlip, ÝUNESKO-nyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
5. Ahal welaýatynyň daýhanlary çölde kawendiş sortuna degişli bananlary ösdürip ýetişdirýärler. Munuň üçin beýikligi 9 metr bolan we 5 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanalardan ybarat tropiki oazis döredildi. Ýyladyşhanalarda 10 müň agaç oturdyldy. Banan nahallary Türkiýeden getirildi, olar täze şertlere gowy uýgunlaşdylar. Agaçlar eýýäm ilkinji miwelerini berip başladylar. Bir banan salkymynyň agramy 30-35 kg deňdir.
6.Türkmenistan we Türkiýe ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, magistr we doktorlyk maksatnamalaryna talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän bilelikdäki diplom maksatnamalaryny açarlar.Okuwyň bu görnüşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň arasynda ýokary bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň netijesinde mümkin boldy.
Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabr aralygynda Türkiýä amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Dünýäde
7.Apnoe, ýagny uky wagtynda gysga möhletli dem alyş bozulmasy ir garramaga sebäp bolup biler.Braziliýanyň San-Paulu uniwersitetiniň alymlary orta we agyr derejeli apnoe keseli bolan 50-60 ýaş aralygyndaky 46 sany erkek adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlagyň esasynda şeýle netijä geldiler.
Alymlar synag edilýänleriň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary seljerenlerinden soň, apnoe bilen kesellän näsaglarda telomerleriň has çalt gysgalýandygyny ýüze çykardylar, bu bolsa öýjükleriň garraýandygynyň alamatydyr.
8.Aktýor Mettýu Perriniň ölüminden soň, onuň Dostlar, söýgüli adamlar we bir uly aýylganç zat atly awtobiografiýasy ABŞ-da we Beýik Britaniýada Amazon-da iň köp satylan kitap boldy we Britni Spirsiň ýaňy-ýakynda çykan awtobiografiýasyndan öňe geçdi.
Takmynan, bir ýyl ozal neşir edilen meşhur aktýoryň durmuşy baradaky kitap Ýewropada uly üstünlik gazandy. Ýatlatsak, Dostlar atly meşhur serialda Çendler Bingiň keşbi bilen meşhurlyk gazanan aktýoryň aradan çykandygy geçen ýekşenbe güni belli boldy.
Sport habarlary
9.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde adybir futbol topary üçin niýetlenen nyşanlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.Halk Maslahatynyň Başlygy futbol toparynyň nyşanynda milli sportuň ösdürilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny we onuň türkmen türgenleriniň buýsanjyna öwrülmelidigini nygtady.
Arkadag futbol topary şu ýylyň aprel aýynda döredildi.Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogynda ol döwlet ähmiýetli adybir şähere wekilçilik edýär.Iki tapgyrdan soň Arkadag milli çempionatda ynamly öňdeligi eýeleýär, topar görkezijisi boýunça 16 oýunda 48 utuk toplady. 10.
Kant şäheriniň Abdyş-Ata futbol topary möhletinden öň Gyrgyzystanyň futbol boýunça çempiony boldy.Toparyň düzümine Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Teýmur Çaryýew hem girýär, ol 2023-nji ýylyň martynda bu topara goşuldy.
Abdyş-Ata yzly-yzyna ikinji gezek milli çempionatda ýeňiji boldy.Gyrgyz Premýer-ligasynyň kümüş we bürünç medallarynyň eýeleri Dordoý we Bişkek toparlarynyň duşuşygyndan soň kesgitlener. Ýeri gelende bellesek, Abdyş-Ata AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda Aşgabadyň Altyn asyrynyň we Marynyň Merwiniň garşydaşydyr.