Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň önümçilik toplumlarynyň hem-de Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäherinde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.
Gahryman Arkadag önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäher Döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag medisina klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bellenilişi ýaly, Döwlet muzeýinde türkmen halkynyň baý taryhyna degişli gymmatly maglumatlar, şekiller ýerleşdirilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde Arkadag şäheriniň ösüşine degişli gymmatlyklaryň goýulmagy wajypdyr.
Şeýle hem täze şäherde şanly seneleriň dabaralandyrylmagy, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigi barada aýdyldy.
"Şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler täze şäheriň gurluşyklarynyň waspyny özünde jemlemelidir" diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň we şäherde ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hem şäheriň birinji tapgyryndaky ýaly ýokary derejede gurulmalydygyny, olaryň hil derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.