Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ýerleşýän “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow, Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanow hem-de Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmin, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň başlygy Çary Amanow, alym-agronomlar garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Türkmenistanda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işini häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol bir wagtyň özünde, pudaga ylmyň täze gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigini aýtdy.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary öz gezeginde Türkmenistanda daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ç.Annaýew bilen gürrüňdeş boldy. Kärendeçi daýhan özüniň 28 gektar ýeriniň bardygyny aýtdy we bugdaýyň her gektaryndan 40 sentner töweregi hasyl alyp, döwlet harmanyna 112 tonna bugdaý tabşyrmagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri daýhanyň haýyşy boýunça kemsiz ýetişen ak bugdaýdan bir desse ordy. Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli daýhana çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurdy.
Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy obasenagat toplumynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini, toprakdan alynýan hasylyň möçberini artdyrmak ugrunda häzirki zaman tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny nygtady.