Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze gurulýan döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowa merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen ýollaryň hem-de meýdançalaryň gyralaryna oturdylmagy meýilleşdirilýän germewleriň, ýerasty awtomobil geçelgeleriniň bezeginde ulanylýan şekilleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle-de bu ýerde gurulýan 350 orunlyk çagalar bagynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän dürli haýwanlaryň şekiljikleriniň hem-de çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlarynyň heýkeljikleriniň we dürli şekilleriň birnäçe görnüşi görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň her biriniň özboluşly aýratynlygynyň bolmalydygyny, çagalarda ýakymly duýgulary oýarmalydygyny belledi.

Welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulmagy teklip edilýän muzeýiň, teatryň zalynyň içki görnüşleriniň, şeýle-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, binalaryň bezegine degişli serişdeler hem Halk Maslahatynyň Başlygyna görkezildi.

Bu binalarda dörediljek mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de merkeziň çäklerinde ýol yşyklarynyň görnüşleri, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy hem-de merkeziň çäginde Tiz kömek merkeziniň enjamlaşdyrylyş derejesi, Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň we 150 orunlyk Onkologiýa merkeziniň enjamlaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Merkeziň çäginde guruljak metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak örtük daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary görkezildi.Olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler barada maglumat berildi.

Bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatyny tamamlap, Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň çäginde dowam edýän gurluşyk işlerini synlady. Ýolugruna ýerasty awtomobil geçelgesiniň gurluşygy bilen tanyşdy.

Soňra Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň A.Annaýew obasyna barylýan Akhan şaýolunyň çatrygynda gurulýan Akhan atly ýadygärlik-binanyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany atly halkara maslahat geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY