Gurban we teşryk günleri

Gurban we teşryk günleri

Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy atly kitabynda pygamberimiz Muhammet alaýhyssalamyň: Arafa, gurban we teşryk günleri musulmanlaryň baýram günleridir. Bu günler iýip-içip, baýram bellenilýän günlerdir diýen hadysy getirilýär.

Gurban aýynyň dokuzynjy güni Arafa güni, onunjy güni bolsa Gurban baýramy günüdir.Arafa gününiň sogaby babatda on müň güne barabardygy hakda alymlaryň pikirleri bar.Halkymyzyň arasynda Gurban baýramy aýratyn uly umyt bilen garşylanylýan toý-baýramlaryň biri bolup, bu baýrama täze lybasdan öňürti täp-tämiz kalp bilen barmak has eý görülýär.

Bu günleri uly ruhubelentlik hem-de ýagty günlere, ýagşy pursatlara ynam-umyt, süýji arzuwlar bilen geçirmek ündelýär.Gurban baýramy güni ir bilen baýram namazy okalandan soňra, gurbanlyk kesilip başlanýar.

Gurbanlyk gününden soňky üç güne bolsa teşryk günleri diýilýär.Ol Gurban aýynyň 11, 12, 13-nji günleridir. Şonuň üçin käbir musulman döwletlerinde Gurban baýramy dört gün bellenilýär.Muňa garamazdan, musulman alymlarynyň arasynda gurbanlyk janlynyň soýulmagy bilen bagly birnäçe pikirler bar.

Ahmet ibn Hanbel, Mälik ibn Enes, Abu Hanife ýaly ýene birnäçe alymlar gurbanlyk janlysy diňe Gurban baýramy hem-de teşryk günleriniň başky iki gününde, ýagny türkmençilikde bellenilşi ýaly Gurbanlyk günlerinde soýulmalydyr diýen pikire eýerýär.

Ymam Şafygy ýaly ýene köpsanly alymlar bolsa, teşryk gününiň ahyryna çenli (ýagny, Gurbanlygyň dördülenji güni) hem gurbanlyk janly soýubermelidir diýen düşünjä uýýarlar.Pygamberimiziň hadyslaryna laýyklykda, bu günlerde iýip-içen her bir halal lukmaňyz üçin şükür etmekligiň özem sogaby uly ybadatlaryň biri hökmünde görülýär.

Dileg-dogalaryň arasynda bolsa iň oňady hökmünde Perwerdigärim, bize bu dünýäde-de, ahyretde-de diňe gowulyklary, gowy zatlary nesip et!Bizi dowzah azabyndan gora! (Rabbenä ätinä fid-dünýä haseneten, we fil-ahyrati haseneten, we kynä azäben-nar) diýen sözlerdigi beýan edilýär.

Bu dileg-doga Bakara süresiniň 200-201-nji aýatlarydyr.Bu dileg-doga bu dünýäniň we ahyretiň ähli görnüşli haýyrlaryny özünde jemleýän iň täsirli dileg-doga hökmünde kabul edilýär. Üstesine, beýleki ýagşy dileg-dogalaryň ahyrynda hem bu aýatlary hökman okamaga endik edipdirler.

Bu dünýäniň iň haýyrly zatlary diýlende ilki bilen iman, saglyk, ylym, bolelin rysgal, agzybirlik, ahyretiň haýry diýlende bolsa behişt-uçmah göz öňünde tutulýar.Abu Musa Al-Aş’ary atly alymyň Gurbanlyk hutbasynyň arasynda: Gurbanlyk hem-de teşryk günlerinde edilen dileg-dogalar hergiz yzyna boş gaýtarylmaz diýendigi meşhurdyr. Şonuň üçin toý-baýram şatlygynyň ýany bilen dynuwsyz ýagşy dileg-dogalara berilmek has gowudyr.

Bu günlerde agyz beklemek bolmaýar.Iýip-içip, eçilen nygmatlary üçin Biribara şükür edip, toý-baýram ruhunda geçirmek makul görülýär.

TmCars.info ähli türkmen halkyny musulmançylygyň iň uly baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Bu mübärek günlerde berjek gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, edýän dileg-dogalaryňyzy Allatagala kabul etsin! Ýeneki ýyllaryň toý-baýramlaryna jan saglygy, baş bitinligi, rysgal-nygmatlaryň bolelinligi bilen ýetirsin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Türkiýe bilelikdäki bilim taslamalaryny meýilleşdirýär
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde rumyn opera aýdymçysy Irina Iordakesku çykyş etdi
29.11.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy
Prezident wezipesine girişdi
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý