Russiýanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň 2-nji tapgyrynda Mahaçkalanyň Dinamosy bilen Tulanyň Arsenalynyň arasyndaky duşuşyk başalanyşy ýaly, 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Duşuşykdan soň Dinamonyň baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew pikirlerini beýan etdi.
Beridýewiň pikirine görä, topar onuň meýdanda görmek isleýän oýnuny orta goýup başlady. Ýöne netije baş tälimçini kanagatlandyrmaýar. Şeýle hem topa erk etmegi başarýandyklary we haýsy pursatlarda hüjüme geçmelidiklerini bilýändikleri üçin oýunçylaryny öwdi.
Gysgaça aýtsam, men oýundan hoşal. Ýöne netije kanagatlandyranok. Şeýle-de bolsa, bu gün Torpedo bilen geçirilen duşuşykda goýberen hatalarymyzy goýbermedik diýip, baş tälimçi aýtdy.
Mahaçkala şäherine wekilçilik edýän klubyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, topar oýny öz elinde saklady.
Duşuşyk Tula şäherindäki Arsenal stadionynda geçiriler. Yzda galan iki tapgyrdan soň 1 utukly Dinamo 14-nji, 2 utukly Arsenal bolsa 12-nji orunda.
Dinamo indi öňümizdäki iki duşuşygy hem öz meýdanynda geçirer. Topar 30-njy iýulda Kubany, 6-njy awgustda bolsa KamAZ-y kabul eder.