
9-njy dekabrdan 10-njy dekabra geçilýän gije Nikosii şäherinde Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň 6-njjy tapgyrynyň çägindäki Omoniýa ― Kaýrat duşuşygy geçiriler.
Duşuşygyň göni ýaýlymy gije sagat 00:50-de başlanar. Oňa Qazaqstan teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkindir.
Yzda galan bäş tapgyrda H toparçada Bazelde 11, Karabahda-da 11, Omoniýada 3, Kaýratda 1 utuk bar. Ýaryş tertibinden hem görnüşi ýaly, Omoniýa bilen Kaýrat ýaryşy dowam etdirmek hukugyny ýitirdi.
Iki toparyň arasynda Almatyda geçirilen duşuşykda hasap açylmandy.