Gurban Berdiýewiň täze topary

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň tälimçilik etjek täze topary belli boldy. 70 ýaşyndaky ussat hünärmen Russiýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Dinamo Mahaçkala” toparynyň tälimçiligine bellendi.Goran Aleksiçiň ornuna tälimçilige bellenen Berdiýew özüniň täze kluby bilen baglanyşykly beren beýanatynda: “Dinamo Mahaçkalada” ediljek bolýan işlere çynlakaý çemeleşilýär.

Klubuň öňündäki esasy wezipeleriň biri-de “Premýer Liga” çykmak bolar.Elbetde kyn, ýöne başarylmajak zat däl diýip, çykyş etdi.

Gaji Gajiýewiň ýolbaşçylyk edýän kluby geçen möwsümde 8-nji ýeri eýelepdi.

Gurban Berdiýew soňky gezek Russiýanyň “Soçi” toparyna tälim beripdi.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Turan Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy
Gurban Berdiýew Täjigistanda tälimçiler üçin okuw maslahatyny geçirer
2-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
21-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Gurban Berdiýewiň Azerbaýjanda bir toparyň baş tälimçisi bolmagyna garaşylýar