Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary sanawyň liderini ýeňlişe sezewar etdi

Russiýanyň 2-nji ligasynda (FNL 1-nji liga) çykyş edýän Dinamo Mahaçkala topary ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde şowly ýörişini dowam etdirýär. 10-njy tapgyryň çäginde Dinamo Mahaçkala topary öz meýdançasynda sanawyň lideri Alaniýa toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda mahaçkalalylar 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Berdiýewiň şägirtlerine ýeňiş getiren gollary 2-nji minutda Wladimir Kowaçewiç, 20-nji minutda Serder Serderow hem-de 67-nji minutda Egaş Kasintura geçirdi.Bu ýeňişden soň utugyny 18-e ýetiren Dinamo Mahaçkala 2-nji orna beýgeldi.

Dinamo Mahaçkalanyň sanawyň lideri Alaniýadan 2 utugy az.Dinamo Mahaçkala topary 10 oýunda 5 gezek ýeňiş gazanyp, 3 oýunda-da deňme-deň oýnady.

Geljek tapgyrda öz meýdançasynda 5-nji ýerdäki Sokoly kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi
Ýewropa çempionatynyň eminleri
Horwatiýanyň düzümi belli boldy
Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar
Ýewropa çempionatynda argentinaly emin
Energetika diplomatiýasy: halkara tejribesi atly onlaýn-leksiýa geçirildi