
Mahaçkalanyň Dinamo topary Futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda Ýeniseýi ýeňlişe sezewar etdi.
Krasnoýarsk şäherinde geçirilen oýun türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk gol myhmanlaryň ätiýaçdan oýna goşulan hüjümçisi Serder Serderow tarapyndan 84-nji minutda derwezä ýollandy.
Şeýlelikde, Dinamo ýeňişli ýörişini dowam etdirip, 24 utuk bilen turnir tablisasynyň birinji ornuna geçdi. Mahaçkalalylardan bir utuk az toplan ikinji ýerdäki Alaniýa bolsa tapgyrdaky oýnuny 2-nji oktýabrda Sokol bilen geçirer.
12-nji tapgyryň ýene bir oýnunda türkmenistanly Dmitriý Homuhadan tälim alýan Şinnik öz öýünde Týumenden asgyn geldi. Ýaroslawl şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna gutardy.
Häzirki wagtda Týumen we Şinnik toparlary 19 utuk bilen üçünji orny paýlaşyp durlar.