Mahaçkalanyň Dinamosynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew täze toparynda geçiren ilkinji duşuşygyndan soň bu oýun barada pikirlerini beýan etdi. Onuň şägirtleri Russiýanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygynda Moskwanyň Torpedosyndan 0:2 hasabynda asgyn geldiler.
Berdiýew duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda netijeden kanagatlanmaýan hem bolsa, toparyň oýnundan göwnüniň suw içendigini aýtdy.Onuň pikirine görä, iki gol hem garşydaş topara ýönekeýje pursatlarda berildi. Şeýle hem ol oýunçy çalşyklaryny näme üçin 70-nji minutdan soň geçirip başlandygyny düşündirdi.
Tälimçiniň öňünde topary Russiýanyň Premýer ligasyna çykarmak maksady goýuldy. Ol elindäki düzüm bilen bu wezipäniň hötdesinden gelip boljakdygyna ynanýar.
Şeýle hem türkmenistanly hünärmen Dagystanda futboly ösdürmek üçin dogry taslamalaryň alnyp barylýandygyny, bu taslamany durmuşa geçirmegiň bir parçasy boljakdygyny aýtdy.
Berdiýewiň pikirine görä, topara merkezi hüjümçi gerek. Ol Dinamo toparyna gelmeginde Gaji Gajiýewiň uly paýynyň bardygyny hem nygtady.
Berdiýewiň şägirtleri çempionatda indiki duşuşygyny 23-nji iýul güni Tulanyň Arsenaly bilen geçirerler.