Gurban Berdiýew Soçiniň başynda türgenleşiklere başlady

Gurban Berdiýew Soçiniň başynda türgenleşiklere başlady

Geçen hepdäniň şenbe güni türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew täze topary ― Soçiniň futbolçylary bilen ilkinji türgenleşigini geçdi.

Toparyň gyşky ýygnanşygy futbolçylaryň lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmegi bilen başlady.

Soçidäki türgenleşikler 22-nji ýanwara çenli dowam eder. Soňra topar Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gider we 25-nji ýanwarda türgenleşikleriň ikinji tapgyryna bu şäherde badalga berler.

Soçililer 1 ― 11-nji fewral aralygynda RPL-iň Winline Gyşky kubogyna gatnaşyp, Krasnodar, Rostow we Spartak toparlary bilen güýç synanyşarlar.

Soçiniň gyşky türgenleşikleri 15 ― 25-nji fewral aralygynda Türkiýede geçiriljek ýygnanyşyk bilen tamamlanar.

Toparyň ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary biraz soňrak belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri BAE-de geçirilen Astana — Rostow oýnuna eminlik etdiler
Gurban Berdiýew näme üçin Eýran toparyny saýlandygy barada gürrüň berdi
Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Russiýanyň çempionatynda taryhy rekord
Azerbaýjanyň Howa Ýollary, Astrahana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi
Türkmen talyby Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadada II derejeli diploma mynasyp boldy