
Gazagystanyň Kaýrat kluby we türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew taraplaryň ikitaraplaýyn ylalaşygy esasynda şertnamany ýatyrdylar. Bu barada gazak klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.
69 ýaşly G.Berdiýew gazak klubuna 2021-nji ýylyň tomsunda tälimçi bellenildi. Onuň tälimçiliginde Kaýrat 32 oýunda 14 gezek ýeňiş gazandy, 8 gezek deňme-deň oýnap, 10 gezek ýeňildi. Ondan öň, Berdiýew Rostow we Rubin klublaryna tälimçilik etdi.