Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner

Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner

Gazagystanyň Kaýrat klubunyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner diýip, Tasnim News Agency habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, eýran kluby 69 ýaşly türkmen hünärmeni bilen eýýäm ylalaşyk gazandy. Ýatlatsak, G.Berdiýew 6-njy oýunda Kaýratdan aýryldy. Onuň ýolbaşçylygynda Kaýrat 32 oýunda 14 ýeňiş gazandy, 8 gezek deňme-deň oýnady we 10 gezek ýeňildi. Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Kaýrat Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalçysy we Gazagystanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Ýene degişli makalalar

Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer