
Azerbaýjanyň Towuz şäheriniň Turan futbol topary ýurduň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji ýeňşini gazandy. Topar 2-nji tapgyryň çägindäki duşuşykda Sumgaýyt toparyny kabul edip, güýçli garşydaşyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 34-nji minutda ýarymgoragçy Haýal Najafow geçirdi ― diýip, Azerisport habar berýär.
Şeýlelikde, ilkinji iki duşuşygynda utulmadyk Turan-Towuz bu duşuşyklarda toplan 4 utugy bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna geçdi.
Duşuşykdan soň Turan-Towuzyň baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew pikirlerini şeýle sözler bilen beýan etdi: