Azerbaýjanyň futbol çempionatynyň açylyş tapgyrynda Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Turan-Towuz futbol topary Neftçi bilen deňme-deň oýnady. Azerisport neşiriň duşuşygyň 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny habar berdi.
Duşuşykdan soň Gurban Berdiýew oýun baradaky pikirlerini beýan etdi. Ol garşydaşyň güýjüniň duşuşygy kynlaşdyrandygyny aýratyn nygtady. Tälimçi oýunçylarynyň fiziki ýagdaýyndan hoşal, ýöne olardan heniz hem kämilleşmegi talap edýär. Şunda oýunlarymyzyň az bolmagy öz täsirini görkezýär diýip, ol bu aýratynlyga ünsi çekdi.
Turan-Towuzyň tälimçisi, aslynda, özleriniň ýeňşe garaşandyklaryny aýtdy. Ýöne möwsümiň başynda duşuşyklaryň garaşylanyndan kyn geçmegi adaty ýagdaýdyr.
Turkmenportal size Gurban Berdiýewiň Azerbaýjandaky ilkinji duşuşygynyň wideoteswirini hem hödürleýär.