Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar

Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar

Aşgabadyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda azyk önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň bahalary ýokarlanmagy dowam edýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly öý-hojalykçy Göwheriň aýtmagyna görä, bahalar ol aýdan-ol aýa ýokarlanýar. Iň bir durnukly baha bolan ýumurtganyň bahasy ozal 33 teňňe bolandan, häzir 53 teňňä çenli ýokarlanypdyr.

Öý-hojalykçy Göwheriň aýtmagyna görä, Belarusdan gelýän et-süýt önümleriniň bahalary has hem ýokarlanypdyr. Belarussiýada öndürilýän “Prezident” atly mesge ýagynyň bir kilosy ozal 30 manatdy, häzir 1 kilo belarus mesgesi 47 manat 10 teňňeden satylýar.

Ozal her kilosy 25 manatdan bolan syrlar häzir 50 manada çenli ýokarlanypdyr. 3 manada durýan gaýmak önüminiň döwlet bahasy 4 manada galdyrlypdyr. Kilosy 8 manat bolan süzme-tworogyň häzirki bahasy 15-16 manatdan pesde däl” diýip, öý-hojalykçy Göwher aýdýar.

“Bir gymmatçylygyň täsiri başga zatlara-da ýetýär. Ýer tudanasy, limonad ýaly alkogolsyz içgileriň, mineral suwlaryň hem 30-50 teňňä çenli ýokarlanandygy görýäris” diýip, Göwher sözüne goşdy.

Gawun-garpyzlaryň, beýleki gök önümleriniň bahalarynyň ýokarlanýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar. Ozal 3 manada satylýan orta çäkdäki gawun-garpyzlar häzir 5 manatdan satylýar.

Kädi, burç, hyýar, sogan, kartoşka, sarymsak ýaly önümleriň bahalary hem 1 manat, 50 teňňe möçberde ýokarlandy. Munuň sebäpleri Ahal we beýleki welaýat belgili awtoulaglaryň Aşgabat şäherine goýberilmeýändigi bilen bagly diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary ýylyň şu paslynda ýetişdiren gök önümlerini Aşgabada getirip satýardylar. Gök önüm bol bolup, bahasy aşak düşerdi.

Häzirki wagtda beýleki welaýatlaryň däl, Aşgabady etekläp oturan Ahal welaýatynyň daýhanlarynyň hem öz ýetişdiren gök önümlerini Aşgabada getirmekde kynçylyk çekýändiklerini eşitse bolýar.

Bu gymmatlama azyk önümleri bilen çäklenmeýär.

Bazarlarda türkmen zenanlarynyň köýneklik ştapel matalary ozal 12-13 manat bolsa, häzir 25-30 manatdan satyn alyp bolýandygyny, pombarht matalaryň öň 80-100 manatdan bolup, indi 200 manada çenli ýokarlanandygyny Aşgabatly Sülgün aýdýar.

Bu gymmatçylyga ýetip gelýän Gurban baýramçylygnyň hem gabat gelýändigini, çagalara okuw egin-eşigini almalymy ýa-da Gurban baýramy üçin egin-eşik aljakdyklaryny bilmän kösenýändiklerini Sülgün aýdýar.

“Adat boluşy ýaly Gurban baýramynda hem türkmenler täze egin-eşik tikinýärler. Bir-birine sowgat edýärler. Emma bu ýyl gymmatlaşyk bilen çagaňa okuw eşigni aljakmy ýa Gurban baýramyna baýramçylyk eşigni aljakmy? Mekdep üçin alan egin-eşigiňi Gurban baýramynda geýdirip bolmaýar, Gurban baýramy üçin eşik alsaň ony mekdebe geýdirip bolmaýar. Eliňde bolsa pul ýok, kyn güne düşdük.

Häzir 1 manadyňa hiç zat berilmeýär, 1 manadyň hümmedi ozalky 10 teňňä deň boldy, zatlar bolsa gymmatlamagyny dowam etdirýär” diýip, aşgabatly Sülgün aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Lukman gelinlik atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen bakja ekinlerine urugdaş ösümlikleriň arasynda dürli endemikler bar
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Azerbaýjanda Şuşa global media forumy geçirilýär