Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, mallaryň bahasy tas iki esse gymmatlady

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, mallaryň bahasy tas iki esse gymmatlady

Türkmenistanda Gurban baýramyna bir hepdeden hem az wagt galanda, Balkanda iri we ownuk şahly mallaryň bahasy tas iki esse gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy iýunda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşynyň dördünji we bazar günleri bolýan mal bazarlarynda, şeýle-de Akdaş ýaşaýyş toplumyndaky mal bazarynda takmynan 15-16 kilogram agramy bolan goýunlar we geçiler 1400 manatdan aşak berilmeýär. Geçen hepdelerde olaryň bahasy häzirki nyrhynyň tas ýarysyna deňdi” diýip, ýerli ýaşaýjy mal bazarlarynda şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda Gurban baýramynyň senesi her ýyl prezidentiň permany bilen kesgitlenilýär. Şu ýyl ýurtda iýun aýynyň 16-17-18-i günlerine gabat gelýän Gurban baýramynda musulmanlar mal soýup, sadaka berýärler.

Ýaşaýjylaryň ençemesi bazarlarda bir kilogram etiň bahasynyň 65 manada deňdigine ünsi çekip, diri maly satyn alanyňda, onuň her bir kilogram etiniň tas 100 manada düşýändigini aýdýar.

Şeýle-de, olar ykdysady kynçylyklaryň arasynda, alýan aýlyklarynyň onsuz hem bazar sebedine gabat gelmeýändigini we bu bahadan goýun-geçi alyp biljek maşgalalaryň sanynyň juda çäklidigini belleýärler.

“Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda azygyň, etiň bahalarynyň gymmatlamagy adaty bir kada öwrüldi, ýöne häzirki bahalara görä, gurbanlyk sadakalaryny berip biljekler juda az boljaga meňzeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Mal söwdasyny edýän telekeçileriň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda mallaryň bahasynyň gymmatlamagynyň diňe Gurban baýramy bilen däl, eýse ýurtda ownuk we iri şahly mallaryň sanynyň göz-görtele azalmagy bilen hem baglanyşyklydygyny aýtdy.

Geçen hepde Türkmenbaşynyň mal bazarlaryna aýlanyp gören habarçymyz bazarlarda mallaryň sanynyň azdygyny synlasa bolýandygyny belledi.

“Akdaşdaky bazarda irden sagat 9 töwereginde bary-ýogy 20 töweregi goýun-geçi we 8 sany sygyr satuwa çykarylypdyr” diýip, habarçymyz sözüne goşdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň söwda edarasyndan we oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.

Ýöne maglumat, ýurtda gyş paslynyň maldarlar üçin agyr geçendigi, ot-iým ýetmezçiliginiň maldarçylyk pudagyna zarba urandygy baradaky habarlardan birnäçe aý soňa gabat geldi.

“Mallar sowukdan däl, ot ýetmezçiliginden ejir çekdi, göleler we guzular açlykdan we horlukdan gyryldy. Mallar köpelmegiň deregine azalýar, ençemesi arzan bahadan satyldy” diýip, birnäçe çopan martyň ahyrynda Azatlyga gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti maldarçylyk hojalyklaryna giň ýol açyp, ýerli mallaryň ösdürilip ýetişdirilmegine üns berýändigini wagtal-wagtal tekrarlaýar. Ýöne maldarlar ýyllarboýy ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat edip gelýärler.

Türkmenistanyň prezidenti köplenç ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, bazarlarda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekýär.

Muňa garamazdan, uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, ilat azyk harytlarynyň, şol sanda etiň gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle ýagdaý, soňky gezek mundan iki aý çemesi ozal, Remezan baýramynda ýüze çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýar
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär
Ak gaýa gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar