Yrak, Eýran, Hindistan, Pakistan we Indoneziýa döwletlerinde baýram namazy üçin ýygnanan adamlar metjitleri doldurdylar.
Yrakdaky şaýy musulmanlar baýram namazyny Nejef şäherindäki Hezreti Aliniň kümmedinde okadylar.
Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde musulmanlar baýram namazy üçin Tähran uniwersitetinde bir ýere jemlendiler.
Gurhanyň okalmagy, aýat-töwwirler we dogalar bilen başlan namaz, hutba bilen dowam etdi.
Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde müňlerçe musulman, şäheriň köne zolagyndaky gadymy Jama metjidinde baýram namazyny okadylar.
Adamlaryň köplügi sebäpli ýüzlerçe adam baýram namazyny metjidiň howlusynda okady.
Pakistanyň Rawalpindi şäherindäki musulmanlar düýn baýram namazy üçin metjitleri doldurdylar.
Eidgah Şarif metjidinde bir ýere jemlenen musulmanlar ol ýerde Gurban baýram namazyny okadylar.
Indoneziýanyň Açe welaýatynyň paýtagty Banda Açe şäheriniň Pidie diýilýän ýerinde ýaşaýan musulmanlar, Gurban baýramy namazy üçin metjitleri doldurdylar.
Pidiedäki metjitleriň dolmagy sebäpli käbir musulmanlar baýram namazyny metjidiň howlusynda okadylar.
Baýramyň 2-nji gününi başlaryndan geçirýän Gresiýanyň Günbatar Frakiýa sebitinde bolsa baýram bilen bagly çäreler geçirildi.
Türkiyäniň Komotini şäherindäki baş konsullygynda geçirilen çäre sebäpli sebitdäki türk jemgyýeti bir ýere jemlendi.