Gurban baýramy-belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy

Gurban baýramy-belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Gurban baýramy-belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň halkymyzyň däp-dessurlary, adatlary, milli baýramçylyklarymyz täzeden dikeldilip, olary döwlet derejesinde bellemäge mümkinçilik döredilendigini, şol baýramlaryň biriniň-de tämizligiň, agzybirligiň, jebisligiň baýramy bolan Gurban baýramydygyny bellediler. Şeýle-de Gurban baýramynyň adamlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürüp, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyryp adamlary biri-birine ynanyşdyrmakda tutýan ornunyň örän uludygyny, gurbanlykda hiňňillik uçmak, dürli naz-nygmatlar taýýarlap, saçagyňy giňden ýazmak, täze egin-eşikler geýmek, birek-birege ýagşy sözleri aýtmak ýaly haýyr-sogaply ajaýyp dessurlar halkymyzyň durmuşyna berk ornandygyny, asyrlaryň dowamynda türkmen halky tarapyndan bellenip gelnen bu baýram dürli däp-dessurlar bilen baýlaşdyrylandygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň zenan bagşylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli däp dessurlarymyzy, milli baýramçylyklarymyzy täzeden dikeldip, döwlet derejesinde giňden bellemäge döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aktrisa aradan çykdy
“Türkmeniň terbiýe ýoly”
“ Melhemler hazynasy ”
“ Pähim- paýhas ummany, Arkadagyň kitaplary”