ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Dinozawr jülgesinde aşa guraklyk sebäpli derýalaryň suwy azaldy.Jülgäniň çäginde derýanyň hanasynda 113 million ýyl ozalky dinozawryň aýak yzy tapyldy.Maglumatlara görä, Tehasyň meýdanynyň 60 göteriminde guraklyk duýulýar.
Bu ýagdaý howanyň gyzmagy bilen hem baglydyr.Guran derýalarda we köllerde irki döwürlerden galan binalary, batan gämileri hem görmek bolýar. Ştatyň dinozawr jülgesi seýilgähiniň spikeri Stefani Salinas Garsiýa ýüze çykarylan dinozawr aýak yzlary barada metbugata beren beýanatynda: “Soňky wagtlarda ýüze çykarylan we derýanyň dürli ýerlerinde üsti açylan aýak yzlary akrokantozawra degişli.
Bu dinozawryň boýy 15 metre, agramy 7 tonna barabar bolupdyr” diýdi.Garsiýa Tehasdaky Glen Roz seýilgähinde aýak yzy tapylan zawroposeýdon atly dinozawryň ululygynyň 18 metrden gowrak, agramynyň 44 tonna bolandygyny belleýär.
Garsiýanyň sözlerine görä, dinozawryň aýak yzlary wagtlaýyn görnen hem bolsa, seýilgähiň çäginde ýene-de aýak yz tapylyp bilinjekdigini görkezendigini aýdýar. Bu bolsa adamlarda tolgunma we bilesigelijilik döredipdir. Soňky hepdelerde Ýewropada, Aziýada, Amerikada we Ýer ýüzüniň beýleki ýerlerinde derýadyr kölleriň suwy azaldy.