Hytaýyň Meteorologiýa edarasynyň wekilleri ýurduň dürli ýerlerinde awgust aýyndan bäri guraklygyň öňüni almak üçin emeli ýagyş ýagdyrmak usulyndan peýdalanýandyklaryny mälim etdiler.Bu barada metbugat ýygnagynda çykyş eden Meteorologiýa edarasynyň wekili Žao Žisian howa gämisiniň 1-31-nji awgust aralygynda jemi 211 sagat dowam eden 75 uçuşy amala aşyryp, Hubeý, Çunsin, Henan we Şensi ýaly guraklygyň täsiri ýeten ýerlerde emeli ýagyş ýagdyrylandygyny mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, bu usul guraklyk we yssy howa bilen göreşmekde, suw gorlarynyň artdyrylmagynda we oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň durnukly bolmagy üçin ähmiýetlidir.Takmynan, 1,45 million inedördül kilometrlik meýdany öz içine alýan ýerde amala aşyrylan bu iş üçin meteorologik hemralar, howanyň ýagdaýyny öwrenmäge niýetlenen radarlar we uçarmansyz howa gämileri ýaly soňky tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Şeýle hem yssy howa sebäpli ýüze çykan ýangynlaryň söndürilmeginde hem emeli ýagyş usulyndan peýdalanylypdyr.
Maýa MISEKOWA,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.