Türkmennebit döwlet konserniniň günbatar sebitde iş alyp barýan dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary bu ugurda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Konserniň Nebitgazçykaryş trestiniň Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki günlerde-de geljegi uly Uzynada baýlyklar käni senagat taýdan özleşdirilýär. Bu ýatakda has çuň gatlakly guýularyň 7-sinde gazuw işleri üstünlikli alnyp barylýar. Guýjuk ýatagyndaky 01-nji belgili, Ördekli meýdançasyndaky 149-njy belgili guýularda-da buraw işleri üstünlikli dowam edýär.
2024-nji ýylyň geçen bäş aýynda hereket edýän guýulardan alnan nebitiň möçberi 314 müň 321 tonna barabar boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 136 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Şonuň ýaly-da, kärhana boýunça nebit çykarmakda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 133 göterimdenem ýokary ösüş depgini gazanylypdyr. Bu netijeler tutuş konsern boýunça iň ýokary görkezijilerdir.
Şeýle hem şu ýylyň geçen bäş aýynda Uzynadadaky ulanyşdaky jemi 15 guýudan alnan gara altynyň möçberi 200 müň tonna ýetdi. Bu hasabat döwründe tutuş müdirlik boýunça alnan önümiň deň ýaryndan hem köpdür diýlip, habarda bellenilýär.