Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy

Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy

Türkmennebit döwlet konserniniň Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň on bir aýynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan gara altynyň umumy mukdary 526,3 müň tonna barabar boldy. Munuň özi bu baradaky bellenilen tabşyrygyň 112 göterime golaý berjaý edilendiginden habar berýär diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 115 göterimden gowrak ýokarlandyrmagy başaran gumdagly nebitçiler üstümizdäki ýylyň meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler diýlip, habarda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen bu guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Bu ýagdaý kärhanada bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen amal edilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Kärhana boýunça hasabat döwründe tabşyryga goşmaça ýedi million kub metre barabar mawy ýangyjyň çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan bäş aýlyk meýilnama 136 göterim berjaý edildi
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan bir aýlyk meýilnama 130,7 göterim berjaý edildi