Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde 112 göterime golaý ösüş gazanyldy

Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde 112 göterime golaý ösüş gazanyldy

Türkmennebit döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynyň biri bolan Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, gaýtadan işleýjilere ugradylan gara altynyň umumy möçberi 330,5 müň tonna barabar boldy. Munuň özi bellenilen meýilnamanyň 112 göterime golaý berjaý edilendigini aňladýar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hereket edýän guýulardan bu gymmatly çig malyň 50 müň tonnadan hem gowragy artyk çykaryldy. Gumdagly nebitçiler bu ugurdaky ösüş depginini 118 göterime barabar artdyrmagy başardylar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana boýunça geçen döwürde tebigy gazyň 3 million kub metre barabary meýilnama boýunça goşmaça çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan bäş aýlyk meýilnama 136 göterim berjaý edildi
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy
Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy