Türkmennebit döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýanwar aýynda kärhananyň nebit berýän guýularyndan çykarylyp, döwlete tabşyrylan gara altynynyň umumy möçberi 60,6 müň tonna golaýlady. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji tabşyrygyň 130,7 göterim berjaý edilendigine güwä geçýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 128 göterimden-de geçiren gumdagly gara altyn ussatlary döwlete tabşyryljak nebitiň möçberini 600 müň tonna ýetirmegi maksat edinýärler.
Hasabat döwründe kärhana boýunça ugurdaş tebigy gazyň 6 million 749 müň kub metrden gowragynyň çykarylyp, bellenilen tabşyrygyň 102,6 göterim amal edilmegi-de muny doly tassyklaýar diýlip, habarda bellenilýär