Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

Türkmennebit döwlet konserniniň baýry ýataklarynda iş alyp barýan Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2023-nji ýyly üstünlikli jemlediler. Bu ýerde şol döwürde nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan gara altynyň umumy möçberi 580,8 müň tonnadan hem köp boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Bu görkeziji bellenilen ýyllyk tabşyrygyň 112,6 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 115,5 göterime çenli ýokarlandyrmagy başaran gumdagly nebitçiler täze ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamasyny-da möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Kärhana boýunça hasabat döwründe tabşyryga goşmaça 4,4 million kub metre golaý mawy ýangyjyň çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan bäş aýlyk meýilnama 136 göterim berjaý edildi
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan bir aýlyk meýilnama 130,7 göterim berjaý edildi