Geçen ýyl fermer Durdymyrat Ýazhanow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Garagun derýasynyň ýakasyndan 6,5 gektar ýeri gysga wagtlyk kärendesine aldy.Bu ýeriň çägesöw topragynda guma mahsus sazakdyr çerkez gögerýär.
Bir ýarym ýylyň içinde kärendeçi iki müň düýbe golaý şetdaly, alma, garaly we ülje nahallaryny ekdi.Ol baglaryň hatararasynda kartoşka, badamjan, bolgar burçyny, mekgejöwen ýetişdirdi.Durdymyrat boş ýatan ýerlere ýa-da gum eňňidine bakja ekinlerini ekdi.
Kartoşkadan ozal kösükli ekinler noýba we ot-iýmlik ekinler ekilip, toprak gurplandyryldy.Mundan başga-da, Garagum derýasynyň kenary tut agajy bilen berkidildi: häzirki wagtda nahallaryň bir ýarym müňüsi boý alyp otyr. Şu ýylyň güýzünde ýene-de tut nahallarynyň müňüsi ekiler.