Gulbaba Akyýewi ýatlap

Gulbaba Akyýewi ýatlap

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy her birimizi aňymyzda uly orun alandyr.Sekiz ýaşynda öz yzyny, ýoluny goýan ,,Öz ilimiň bagşysy men” diýip, hoş owazy bilen Moskwada şirin sesi bilen şahandazlykda türkmen adyny taryhyň sahyplaryna ýazan oglanjyk bolup kalbymyzda ady ewedi galan Gulbaba Akyýewdir.

Onuň hakyky ady Möwlamberdi bolup, ol Türkmenistanyň halk artisti belli bagşy Han Akyýewiň ogludyr.

Gulbaba 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär.Han Akyýew çagalarynyň arasyndan Gulbabany özüniň talantlylygy bilen tapawutlanýandygyny duýup bilipdir.Onuň ýaňy emedekläp başlanda haýsy tarapda sazyň sesi gelse, şol tarapa ugrapdyr.

Dil bitenden bolsa dutary eline alyp aýdym aýdyp başlapdyr.Bu bolsa saz bilen dünýä gelen diýmegi aňladypdyr. Ýaňy 8 ýaşyndaka Moskwada geçen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň on günlügine gatnaşmak miýesser edipdir.Onuň aýdan Begler, Bellidir, Öz ilimiň bagşysy men diýen aýdymlary ýokary baha mynasyp bolupdyr.

Gulbaba Moskwadaky halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde hem çykyş edipdir.Oba çeper höwesjeňleriniň döwlet gözden geçirilişinde hem uly tarypa mynasyp bolupdyr. Şeýlelikde oglanjyk sungat ussatlarynyň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr.Ol Mary şäherindäki 2-nji rus mekdebinde okap ýörkä, belli kinorežissýor Meret Atahanow Daşgaladaky waka atly çeper filimde surata düşmäge çagyrýar.

Ol filmde Türkmenistanyň at gazanan artisti Şükür Kulyýewiň-garry atanyň bagşy agtygynyň keşbini janlandyrýar.Film Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr, Bäherden etrabyndaky Garry Nohur obasynda surata düşürilýär.Tebigatyň gözelligi miweli baga bürenen, saýrak guşlaryň sesleri, çeşmeleriň owazlary özüne bendi edipdir.

Ol keşbini ýerine ýetirenden soň, bütin durky bilen gulaga öwrülip, şirin owazlara maýyl bolup, operator Döwlet Amanow ony çagyryp getirmeli bolupdyr.

Gulbaba öz döwründe Sahy Jepbarowyň, Çary Täçmämmedowyň hem synaglaryndan geçmegi başarypdyr. Gysgajyk ömründe ajaýyp sesi bilen adyny ebedi goýan, sungat äleminde şan-şöhraty egsilmezdir. Onuň mahmal owazy adamlar garrasada onuň ýaşajyk sesi uzak-uzak ýyllar ýaşap döwürlerden döwranlara dolanýar.

Ýene degişli makalalar

BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Türkmenistanyň halypa halk artisti Han Akyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli (1922-1998)
Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
Medeniýet boýunça wise-premýer ýanwarda geçiriljek köpçülik çäreleri hakynda hasabat berdi
Ýaşajyk zehinleriň 56-sy Gulbaba adyndaky baýraga mynasyp boldular