5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzda döredijilik başarnyklary, bilimde, sportda hem-de sungatda gazanan üstünlikleri bilen aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýyl yglan edilýän bäsleşigiň esasy maksady ýaşy 16-dan geçmedik, milli saz gurallarymyzda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan, okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalardyr ýetginjekleri, şeýle-de göreldeli çagalar aýdym-saz we tans toparlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Baýraga dalaşgärler ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir orta mekdepler tarapyndan hödürlenildi. 1992-nji ýyldan bäri her ýyl gowşurylmagy däbe öwrülen bu abraýly çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri boýunça şu gezek zehinli çagalaryň jemi 66-sy, şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň Bagtyýarlyk çagalar tans topary ýeňiji boldy.
Olara degişli şahadatnama we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu baýraga mynasyp bolan zehinli ýaşlaryň arasynda “Gyzyl kürte” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetiren Ibraýym Baýramow hem bar. Türkmen hem-de daşary ýurt tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan filmde Göwheriň ýüwürjisiniň keşbini Ibraýym Baýramow ýerine ýetiripdi.