GUJURLY BILIM MERKEZI BIZDE MYHMANÇYLYKDA

GUJURLY BILIM MERKEZI BIZDE MYHMANÇYLYKDA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gujurly bilim merkeziniň okuwçylary gezelenç etmäge geldiler. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitaphananyň bölümleri, ol bölümleriň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Gyzyklanýan kitaplaryny okap gördiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Umuman şadyýan çagajyklar gyzykly pursatlary başdan geçirdiler.

Gezelenjiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy dünýä gymmatlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy