Täze Zelandiýanyň Dunedin howa menzili gujaklaşyp hoşlaşmagyň dowamlylygyna çäklendirme girizdi. Indi onuň dowamlylygy 3 minutdan köp bolmaz. Uzak wagtlap gujaklaşmak üçin ýolagçylara we ýola salýanlara awtoulag duralgasyna geçmek teklip edilýär diýip, “Afişa Daily” habar berýär.
Howa menziliniň Baş müdiri Daniel De Bono howa menzilleriniň köp halatlarda “duýgylaryň ojagyna” dönüp barýandygyndan zeýrendi we “söýgi gormony” oksitosinini çykarmak üçin diňe 20 sekunt gujaklamagyň ýeterlikdigini görkezýän ylmy barlaglaryň bardygyny ýatlatdy.
Onuň sözlerine görä, uzaga çekýän hoşlaşyk beýleki ýolagçylara we olary ugradýanlara päsgel berip biler.Eger-de has uzak wagt hoşlaşmakçy bolsaňyz, munuň üçin awtoulag duralgasyna gitmek maslahat berilýär.
Aeroportyň awtoulag duralgasynda 15 minut mugt durmaga rugsat berilýär, bu bolsa biraz uzak hoşlaşmaga mümkinçilik berýär. De Bononyň belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda onuň topary bu zolakda köp sanly geň-taň wakalara şaýat bolupdyr.