Güýzki köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär

Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen nahallara talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde başlamak, ony giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentliginiň töwereginde çöl agaçlaryndan ybarat 20 müň gektarlyk tokaý zolagynyň düýbüniň tutulyp, Aral deňzinden göterilýän duzly tozanyň öňüni almak maksady bilen şorlaşan toprakly ýerlerde gyrymsy we ýarym gyrymsy ösümlikler oturdyldy we bu işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden şor-zeý suwlaryny ýygnamak üçin Garagumuň merkezinde Altyn asyr Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, şor we zeý suwlary sowýan akabalar ýeke-täk suw ulgamyna birikdirildi.

Birnäçe ýyl geçensoň, tebigy biologik ýagdaýlaryň netijesinde suw kabul ederlikli kadalara çenli arassalandy, ol ýerde ösümlikler, balyklar we guşlar peýda boldy. Şular ýaly iri taslamalary amala aşyryp, ýurdumyzyň bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär.

Ilatyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak babatda öňdebaryjy bolmak bilen, gazna oýlanyşykly, sowatly meýilleşdirmegiň we dizaýnyň, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawy iň oňat geljegiň bähbidine adamlaryň saglygyny goramagy üpjün etmek arkaly ykdysady ösüşlere mümkinçilik berýändigi baradaky ynamy öňe sürýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen agaç nahallaryna talabalaýyk ideg etmek babatda uly tejribe toplandy.Agaçlary damjalaýyn suwarmak usuly ýola goýuldy.Ekilýän agaçlaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine ýaramly bolmagy, nahallary oturtmak, ideg etmek işleriniň bellenen kadalara laýyk getirilmegi gazanylýar.

Bu ugurda bar bolan tejribeler netijeli ulanylyp, ýylyň ýazky we güýzki ekiş möwsümlerinde oturdylýan nahallaryň gögerijiligi kesgitlenen kada laýyk 80 göterime, ondan hem ýokary derejelere ýetirilip, guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Şemşat Çaryýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy. /* custom css */ .td_uid_15_672dff7ad75cf_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672dff7ad75cf_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýat tokaý hojalygy tarapyndan pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr