Güýzki aw möwsümi ýanwara süýşürildi, balykçylar yzarlanýar, 'aýratyn' awçylaryň tüpeň sesi kesilmeýär

Güýzki aw möwsümi ýanwara süýşürildi, balykçylar yzarlanýar, 'aýratyn' awçylaryň tüpeň sesi kesilmeýär

Türkmenistanda nobatdaky aw möwsümi açylman, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli yza süýşürildi, emma bu çäklendirme hemmeler üçin däl, "aýratyn hukukly" awçylaryň tüpeňleriniň sesi tokaýlaryň içinden hemişe diýen ýaly eşidilýär diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan awçylar aýdýar.

Aw möwsüminiň soňa goýulmagy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 16-njy sentýabrda "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde çap edilen bildirişine görä, "dürli görnüşdäki ýiti ýokanç keselleriň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy netijesinde dünýäde emele gelen ýagdaý we bu ýokanç keselleriň ilat arasyna ýaýramagynyň öňüni almak maksady" bilen düşündirilýär.

Awçylyga girizilen çäklendirme ýurtda dowam edýän agyr ykdysady çökgünlik sebäpli awçylyk, balykçylyk işini möwsümleýin hünär edinen adamlaryň maşgala býujetlerine ýene bir "urgy" boldy diýip, 55 ýaşyndaky darganataly awçy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Aw möwsüminiň açylmagyna garaşýan adam her etrapda ýüzlerçe, olar bu işe öýe azyk getirmek, çagalaryny naharlamak üçin baş goşýarlar. Ykdysady kynçylyk barha köp adamy çöldäki janawerleriň kastyna çykmaga mejbur edýär, döwlet bu adamlardan wagtly-wagtynda salgyt alýar" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran awçy gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen ikinji awçy bu çäklendirmäniň hemme awça degişli däldigini, türkmen durmuşynyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, awçylykda hem "aýratyn hukukdan" peýdalanýan, kanundan ýokarda durýan adamlaryň az däldigini öňe sürdi.

"Güýzki aw möwsümine garaşyp otyrdyk, emma polisiýa awçylaryň etrap polisiýasyndaky ýaraghanalarda saklanýan ýaraglaryny eýelerine bermedi" diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Darganata, Farap etraplarynda ýaşaýan awçylaryň ýaraglary ýyl başynda mallarda ýüze çykan keselçilik we pandemiýa aladalary bilen baglylykda, polisiýa tarapyndan ýygnalyp alyndy.

"Ýöne bu etraplarda hemmeleriň aw etmekden mahrum bolandygyny aňlatmaýar. Ýönekeý adamlaryň awçylygy çäklendirilenem bolsa, Farabyň, Darganatanyň tokaýlyk, çöllük ýerlerinde tüpeň sesleri kesilmedi" diýip, Radionyň söhbetdeşi gürrüňini dowam etdirdi.

Azatlyk mundan öňem güýç gurluşlarynyň, häkimlikleriň işgärleriniň islän tokaýynda ýa jeňňelinde, şol sanda döwlet tarapyndan goralýan tebigy goraghanalaryň çäginde hem aw edýändikleri hakynda ençeme maglumat aldy.

Faraply awçynyň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri we beýleki jogapkär wezipelerde işleýän emeldarlar hatda Farapdaky serhet zonalarynyň çäginde hem arkaýyn "awçylyk edip" wagtal-wagtal dynç almagy özlerine "mertebe bilýärler".

Mundan öň "Altyn asyr" kölünde, ekerançylyk meýdanlaryndan toplanan şor suwda ýetişen balyklary wagyz edýän türkmen häkimiýetleri maý aýynda, koronawirus aladalary bilen bagly, deňizde suwa düşmegi hem gadagan etdi we "Awaza" dynç alyş zolagynda müňden gowrak raýat işini ýitirdi.

Derýalardan, kanallardan we deňizden balyk tutmak hem-de olary satmak gadagan edilenden soň, Türkmenbaşynyň, Çelekeniň, Türkmenabadyň we Kerkiniň her gün 5 tonna çemesi balyk satylýan bazarlary ýapyldy.

Şu aralykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iýul aýynda dynç alşa çykyp, ady aýdylmaýan ajaýyp kölden balyk tutup, "Döwletliler" köşgüniň çagalaryny naharlandan soň, balyk tutmak gadaganlygy gowşan ýaly boldy diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýöne indi, Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri Farap etrabynda ilat arasynda wagyz edip, aw guşlaryny, beýleki haýwanlary awlamazlygy, olaryň etini iýmezligi, satmazlygy maslahat berýärler.

"Balykçylar hem berk yzarlanýar, häkimiýetler balyk tutmagy ýene doly gadagan etdi" diýip, habarçy aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ministrligiň web sahypasynda aw haýwanlaryndan, şol sanda balyklardan ýokuşyp biljek ýokanç keseller barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçisi kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gabyny taýýarlaýar
06.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Salam, Ak gämi, ýa-da Çingiz Aýtmatowyň powesti Aşgabat sahnasynda
Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň ýagty ýadygärligine: durmuşyň metaforaly beýany
Nakgaş Ata Akyýew: metaforalar sungaty we dowamat dowam däpler