Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy

Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy

Kädi, şugundyr we kelem güýzde adam bedeni üçin iň peýdaly gök önümlerdir. Bu barada russiýaly berhiz lukmany Ýelena Tihomirowa gürrüň berdi diýip, Izwestiýa neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kädi ilkinji nobatda düzüminde kletçatkalaryň köpdügi üçin peýdalydyr. Kädiniň 100 gramynda A ýokumynyň bir gije-gündizlik möçberi bar, ol gormonlary işläp çykarmakda, şeýle-de göreç hem immunitet üçin peýdalydyr diýip, lukman düşündirdi.

Şugundyryň esasy gymmatlylygy düzümindäki antosianlardyr, olar bedene erkin radikallar bilen göreşmäge kömek edýär, stresiň güýçlenmegine ýol bermeýär we garramagy haýalladýar.

Kelem barada aýdylanda, onuň ähli görnüşlerinde zenanlaryň saglygy üçin ýokumly maddalar köpdür. Ak kelemdäki U ýokumy nemli ýaralary bitirmäge ukyplydyr, kelem şeýle hem gastrite we aşgazan ýarasyna garşy peýdalydyr diýip, berhiz lukmany gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy