Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

1. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

2. Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý ediň! Zyýanly endiklerden daşda duruň!

3. Sagdyn we kadaly iýmitleniň!

4. Miweleri we gök önümleri köpräk iýmegi unutmaň!

5. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý ediň!

6. Antibakterial derman serişdelerini özbaşdak ulanmaň!

7. Her hepdede milli tagamlarymyzyň biri bolan gyzyl burç goşulan unaş iýiň!

8. Iýmit howpsuzlygyny berk berjaý ediň!

9. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içiň!

10. Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp alyň!

11. Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçiň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Tomus pasly üçin maslahatlar
Sagdyn ýaşaýyş üçin maslahatlar
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary
ÇARY ÖWWÄÝEWIŇ NATÝURMORT ESERLERI
Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar