Güýçli ýagyş zerarly türkmen paýtagtynyň merkezini suw aldy

Güýçli ýagyş zerarly türkmen paýtagtynyň merkezini suw aldy

Aşgabadyň häkimiýetleriniň we milli habar beriş serişdeleriniň bu tebigy ýagdaý we onuň netijeleri barada dymýan wagtynda Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna we sosial mediada peýda bolan wideo ýazgylara görä, birnäçe gün bäri dowam edýän ýagyşlaryň netijesinde Aşgabadyň birnäçe merkezi köçesini we onlarça binany suw alypdyr.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Aşgabatda güýçli yagyş zerarly köçeleri suw aldy

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:01:04

0:00

Ýükle

270p | 3,0MB

360p | 5,0MB

720p | 12,1MB

1080p | 26,9MB

“Güýçi ýagyş tas bir hepde bäri ýagýar.Edil häzir ýaganok, emma töwerekdäki daglaryň daşy bulutly görünýär, agşamara ýene ýagjaga meňzeýär.Düýn we öňňin örän güýçli ýagdy, toprak suwy çekip bilmän suw ýygnandy. Şonuň üçin geçen gije Podwoýskiý we Sowetskaýa köçelerinden suw sil bolup geçdi.

Bu köçeleriň ikisi-de "režimli" hökümet köçeleri hasaplanylýar. "Berkarar" söwda merkezinde ýerzeminini suw aldy.Köp haryt zaýalandy.Köp mebel, şol sanda gymmatbahaly goşlar zaýalandy. "Kamil" azyk dükanynyň haryt sklady”, - diýip Azatlygyň korrespondenti habar berdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Ýerli synçylar ýagyşyň ýetiren maddy zyýanynyň uly boljagyny çak edýärler, sebäbi şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän binalaryň ençemesi, şol sanda il içinde "elitnyý" dililýän täze kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň aşagyndaky awtoduralgalaryny suw alypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda şäherde ýagyşyň netijelerini aradan aýyrmak, köçeleri arassalamak boýunça guramaçylykly işler geçirilýär. Bu işlere kommunal hojalyklaryň işgärleri bilen bilelikde döwlet işgärleri hem çekilýär.

"Olar köçeleri arassalaýarlar, ýer asty geçelgelerden suwy çekýärler. Edil häzir ýagyş suwy ýerasty awtoduralgalarda we "Berkararda" galdy" diýip habarçymyz belledi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-1006-vpn {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

margin-bottom: 15px;

}

#GR-1006-vpn img {

width:130px;

}

#GR-1006-vpn:hover {

outline:2px solid #ea6903;

}

#GR-1006-vpn .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-1006-vpn span {

color: #ea6903;

}

#GR-1006-vpn p {

font-size: 21px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

Azatlyk Radiosynyň websaýtynyň petiklenmeýän görnüşi

Aşgabadyň merkezi köçelerinde ýagyşyň netijesinde suwuň ýygnanmagyna degişli tejribeler öňem bolupdy. Dört ýyla golaý wagt mundan öň ýagşyň netijesinde Aşgabadyň kaşaň "Oguzkent" myhmanhanasyny suw alypdy. Käbir maglumatlara görä, şonda myhmanhananyň hatda ýokarky gatlaryndaky prezidentlik otaglaryna hem zyýan ýetipdir.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, ýagyş suwunyň ýygnanmagynyň sebäpleriniň biri Aşgabatda ýollaryň we binalaryň gurluşygynda tebigy şertleriň talaba laýyk hasaba alynmazlygy bilen bagly. Ýagyş suwuny ýygnaýan sistemasynyň hem ähli ýerde göz öňünde tutulmaýar.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Aşgabatda güýçli ýagyş ýagdy

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:00:50

0:00

Ýükle

270p | 2,4MB

360p | 3,7MB

720p | 8,2MB

1080p | 18,0MB

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň sözlerine görä, soňky birnäçe günlükde Aşgabadyň daşyndaky daglarda sil emele gelipdir. Hususan-da, geçen hepdede bolan sil zerarly ençeme giňişliklere zyýan ýetipdir. Sil barada jikme-jikler, şeýle-de ýagyşyň Aşgabadyň köp ýaşaýjyly etrapçalaryna ýetiren täsiri barada maglumatlar Azatlyk Radiosyna häzirlikçe elýeterli däl.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, döwlet mediasynda güýçli ýagyşlar barada ilata öňünden duýduryş berilmändir.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýar
Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar
Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik
Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar
Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar
Daşoguzda gök-bakja ekinleri gymmatlaýar, polisiýa söwdegärleri bazardan kowýar