Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi

Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi

Geçen hepde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde paýtagtda we welaýatlarda güýçli ýagyn ýagdy. Balkan, Ahal, Mary welaýatlarynda ýagyşyň netijeleri ilatyň durmuşyna negatiw täsir ýetirdi, oňaýsyzlyk döretdi.

Mary welaýatynda 25-nji oktýabrda uzakly gün diňmän ýagyn ýagdy. Güýçli çabga ilatyň elektrik togunyň kesilmegine getirdi. Köçeleri we jaýlaryň howlularyny suw basyp, köl bolup durdy. Bu ýagdaý hem şäherlerde, hem-de oba ýerlerinde ýüze çykdy.

Köçelerde suwuň üýşmegi transportyň hereketini çäklendirdi we pyýadalar üçin uly kynçylyklary döretdi.

"Mary şäheriniň demirýol menziliniň öňünden geçýän ýollaryň pesräk ýerlerinde ýarym metr çuňlukda suw üýşdi. Käbir ýerlerde suwuň derejesi ulaglaryň gapysynyň bosagasyna çenli ýetdi. Şäheriň Kuweýt diýlip atlandyrylýan etrabynda adamlaryň howlulary suwdan doldy we jaýlaryň içersine suw girdi" diýip, Marydaky çeşme gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynyň käbir ýerlerinde ýagdaýyň has hem erbet bolandygyny gürrüň berdiler.

Garagum etraby iki günläp toksuz galypdyr, köçelerde suw üýşip ýörär ýaly bolmandyr.

"Diňe Garagum etrabynda däl, eýsem Mary welaýatynyň ähli künjeklerinde tok kesildi, tok sazlaýjy transformatorlar hem yzygider hatardan çykdy, hatda täze gurlan transformatorlar hem ýagyna çydamady. Trasformatorlaryň ýagyş sebäpli atylan halatlary kän boldy" diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.

Elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegi sebäpli ýollaryň ugrundaky ýangyç beketleri hem işlemändir. Dükanlarda tok bolmansoň, gurallaryň ençemesi, şol sanda ölçeýji tereziler işlemän, söwda bolmandyr.

Ýagynly günlerde käbir jaýlaryň gaz üpjünçiligi haýallapdyr.

"Howanyň birden salkynlamagy we ýagyşyň başlanmagy hojalyklara akyp gelýän gazyň hem juda haýallamagyna getirdi. Köp çetki geňeşlikleriň gaz üpjünçiligi asla kesildi" diýip çeşme aýtdy.

Marynyň merkezinde we Baýramaly şäherinde köpgatly jaýlaryň ýerzeminleri suwdan dolupdyr, lagym suwlarynyň turbalary hem dolup, daşyna çogupdyr. Hapalary aýyrýan nasoslar toguň kesilmegi sebäpli işlemändir. Jemagat gulluklarynyň suw sorujy awtoulaglary hem köçelerde üýşýän suwy sorduryp ýetişmändir.

Çeşmeleriň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler ýagynyň netijelerini ýok etmek üçin jemagat gulluklarynyň işgärlerini köçeleri arassalamaga çykarypdyr. "Gülçülik we arassaçylyk hojalyk işgärleri hem ellerine plastik gaplary alyp köçelerde üýşüp duran suwlary aýyrmaly boldular" diýip, çeşme aýdýar.

Aşgabatda hem ýagynyň netijesinde köp ýerlerde uly möçberde suw üýşdi. Ýagyş suwlary paýtagtda we Ahal welaýatynda awtoulag hereketini kynlaşdyrdy.

Azatlygyň habarçylary geçen hepdäniň başynda ýagyp başlan güýçli ýagynyň paýtagta birnäçe günläp dowam edendigini habar beripdi. Habarçymyzyň 23-nji oktýabrda beren maglumatynda çabgaly howada paýtagtyň köçelerini suw basyp, ýollarda awtoulaglaryň we pyýadalaryň hereket etmek mümkinçiliginiň çäklenendigi aýdylypdy.

Paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylary her gezek ýagynyň netijesinde köçelerde suwuň üýşýändigini we ýollaryň ugurlarynda hem-de beýleki ýerlerde ýörite akabalar bolmansoň suwuň gidere ýeriniň ýokdugyny aýdypdy.

"Ýagyş suwunyň saklanyp galmazlygy üçin göz öňünde tutulan akabalaryň ýoklugy we turbalary arassalamak işleriniň geçirilmeýändigi sebäpli turbalarda petik döräp, ýollarda we howlularda suwuň derejesi ýokarlanýar. Ulag we pyýada hereketi çäklendirilýär" diýip, türkmenistanly çeşme gürrüň berdi.

Ilatly ýerleriň ýaşaýjylary häkimiýetlere yzygiderli ýüz tutýandygyny, emma ýyllarboýy iş ýüzünde hiç bir çäräniň görülmeýändigini belleýärler. Olar bu ýagdaýda mümkin bolsa öz güýji bilen töwereklerinde suw üýşmez ýaly akabalary gazmaga synanyşýarlar.

Maryda ýerli ilat şu tomus aýlaryndan başlap häkimiýetlere ýüzlenip, akabalary gazmagy sorap başlapdyr.

"Tomusda ýerli ýaşaýjylar ýerli hökümete ýüzlenip, gyş gelmezden ozal etrabyň ýollarynyň gyralaryndan aryklary gazmagy we ýaplaryň çekilmegini sorady. Adamlar köpçülikleýin etrap häkimine ýüz tutup, arza hem ýady. Ýöne ilatyň arzalaryna başdan sowma jogap berdiler 'mümkinçilik bolsa hökman kanagatlandyrarys' diýmek bilen ilaty gaýtaryp goýberdiler" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda adaty bolmadyk tebigy hadysalar köpeldi. Ýagyşly tupanlar, suw joşmagy, sil, tozanly ýel, duzly ümür ýaly tebigy hadysalar soňky ýyllaryň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanyp durýar. Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tebigy hadysalary hatda agzaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Şu dynç günlerinde Aşgabadyň teatrlarynda haýsy oýunlara tomaşa edip bolar
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar
Ýewropadaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar
Hindistanda Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli 10 Adam Ýogaldy