“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”

“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmnesinde, Türkiýe Respublşkasynyň ruhunyň milli özygtýýarlykdygyny nygtady.

Respublikanyň 101 ýaşynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini nygtan Kurtulmuş, “Respublikanyň yglan edilmegi bilen berçinleşen milli arkalaşygy güýçlendirmek maksadymyz, imperalizme garşy egilşiksiz göreşimiz we garaşsyzlyk ruhy şu günkü günde hem ýolumyzy ýagtyltmaga dowam edýär” diýdi.

Numan Kurtulmuş, “Eşretli durmuşda ýaşamak we demokratiýany güýçlendirmek üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýarys.Bu mübärek günde pursatdan peýdalanyp, Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Respublikanyň gurujylaryny we bu watany bize amanat eden eziz şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýaryn.

Türkiýe Respublikasynyň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna laýyklykda güýçli Türkiýe maksadyndan asla ýüz öwürmejekdigimizi ýene-de bir gezek nygtaýaryn. 29-njy oktýabr Respublika baýramymyz gutly bolsun” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Respublikanyň 101 ýyllygyny belledi
Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy…
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar