Güýçli suw süýşgüni Malawiniň günortasyndaky obany syryp-süpürdi

Güýçli suw süýşgüni Malawiniň günortasyndaky obany syryp-süpürdi

Malawidäki güýçli suw süýşgüni ýurduň günorta böleginde ýerleşýän obany syryp-süpürdi. Reuters habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, tebigy hadysa netijesinde 32 adam pida boldy, 18 adam dereksiz ýitdi. Bu barada Habar 24 ýazýar.

Diri galanlary ýerli mekdebiň jaýyna ýerleşdirdiler. Wideogörnüşlerde suw süýşgüniniň öýleri we binalary ýykyp-ýumurýandygy görünýär.

Şu hepdäniň başynda Malawä Freddi tropiki harasaty aralaşdy. Harasat bilen bile güýçli sil gelip, ilatly ýerleri basdy. Tebigy betbagtçylyklara garşy göreş wekilhanasynyň maglumatlaryna görä, Malawide 300-den gowrak adam heläk boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady
Pişik ýaly pandajyk
Daniýa Gurhana edilýän hüjümlere garşy çäre görmäge taýýarlanýar
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Ýarym finalda Milan derbisi
Mozambikde birnäçe gün bäri çabga ýagýar