Güýçli elektrowelosiped öndürdi

Soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen iki tigirli ýeňil ulaglaryň sany barha artýar.Müşderileriň şeýle ulaglara isleginiň ýokarlanmagy hatda iri awtoulag öndüriji kompaniýalaryň hem welosiped öndürmegine getirýär.

Täze peýda bolýan startaplar hem öz tekliplerini hödürleýärler. “Nireeka” şereketi ýokary derejeli welosipedleri öndürmegi bilen tanalýar.Kompaniýa “Revenant” atly elektrik energiýasy bilen işleýän täze welosipedini hödürledi.Ulagyň daşky şekiliniň döwrebaplygy ünsi özüne çekýär. Ýeňil uglerod süýümli materialdan öndürilen welosipediň agramy 24 kilogram. 1000W elektrik motory oturdylan ulagyň tizligi 56 km/sagada ýetýär.

Ulagyň zarýady ortaça 85 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. “Nireeka Revenant” 6 sagatda zarýad alýar.

LED çyralar bilen enjamlaşdyrylan welosipedde güýçli togtadyjy oturdylypdyr. Ulagyň 2 müň dollardan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Şamyrat Agamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi