29-30-njy awgustda Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili Türkmenistanda resmi saparda boldy.
Gürjüstanyň hökümet başlygy 30-njy awgustda energetika we transport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Gürjüstanyň hökümetiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, “taraplar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Rumyniýanyň gatnaşmagynda transport koridoryny döretmek ýaly, geljegi bolan regional transport proýektlerini, şeýle-de Türkmenistanyň “Ýüpek ýoly” proýektini durmuşa geçirmäge gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar”.
Soňra Kwirikaşwili Türkmenistanyň mejlisine baryň, milli parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşdy diýio, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Gürjüstan hökümetiniň başlygy şondan soň Gypjaga gidip, ol ýerde Türkemnistanyň ilkinji prezidentiniň “Türkmenbaşy ruhy” metjidine bardy.
Georgiý Kwirikaşwili günüň ikinji ýarymynda Olimpiýa şährçesini synlady we halkara ahalteke atçylyk sporty toplumyna baryp gördi.