Gürjüstanyň premýer-ministri Türkmenistana sapar eder

Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili awgustyň aýagynda Türkmenistanda resmi saparda bolar, bu barada “Вестник Кавказа” neşiri habar berýär.

“Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk bolar, dürli ugurlar boýunça ikitaraply we köptaraply hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, Türkmenistanyň Gürüjüstandaky ilçisi Döwletmyrat Myradow habar berdi.

Saparyň dowamynda transport pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça dokumente gol çekmek planlaşdyrylýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili wezipesinden çekildi
Türkmen we gürji resmileri tranzit, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
30.08.2017 | Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi
30.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar
Gürjüstanyň premýer-ministri Türkmenistana apara geldi