Gürjüstanyň premýer-ministri Türkmenistana apara geldi

fb.com/KvirikashviliOfficial-yň fotosuraty

Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili 29-njy awgust agşamy Aşgabada resmi sapara geldi.

Gürjüstanyň hökümetiniň başlygy üçünji gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar. Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen hem gepleşikler planlaşdyryldy diýip, “Спутник (Грузия)” neşiri habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, saparyň dowamynda transport pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky dokumentlere gol çekmek planlaşdyrylýar.

Premýer-ministriň ýanyndan wise-premýer, maliýe ministri Dmitriý Kumsişwili, ykdysadyýet we durnuklylyk ministri Georgiý Gaharia, energetika ministri Iliýa Eloşwili, regional ösüş we infrsatruktura ministri Zurab Alawidze, daşary işler ministriniň orunbasary Dawid Jalagania, şeýle-de premýeriň geňeşçileri Tedo Japaridze we Gogi Waşakmadze dagy bar.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili wezipesinden çekildi
Türkmen DIM-niň başlygy Gürjüstana sapar etdi
Gürjüstanyň premýer-ministri Türkmenistana sapar eder
Gürjüstanyň premýeri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy we ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi
30.08.2017 | Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi