Günüň energiýasy, suwuň üstünde ýygnalar

Günüň energiýasy, suwuň üstünde ýygnalar

Gün häzirki wagtda ýeke täk tükeniksiz we durnukly energiýa çeşmesidir…

2023-nji ýylda dünýädäki elektrik energiýasynyň 5,5 göterimi gün energiýasy bilen üpjün edildi.Gün energiýasynyň ulanylyşy 23,2 göterim ýokarlandy.Global derejedäki elektrik önümçiliginiň ýyllyk iň uly ösüşi gün energiýasy hökmünde kesgitlenildi.

Gün energiýasy bilen bagly maýa goýumlar 20 ýyl bäri arakesmesiz ýagdaýda dünýäniň ähli ýurtlarynda ulanylyşy artýan elektrik çeşmesi ýagdaýyndadyr.Mundan başga-da, gün energiýasy gurulmagy we ulanylmagy aňsat bolmak bilen birlikde, daşky gurşawy hapalamaýar we ýel bilen birlikde iň ýaşyl gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesidir.

Halkara Energetika Guramasynyň habar bermegine görä, gün energiýasy bilen bagly maýa goýumlar 2030-njy ýyla çenli nebit we tebigy gaz bilen bagly maýa goýumlardan has ýokary bolar.

Türkiye-de 2053-nji ýyl nol zyňyndy maksatnama laýyklykda gaýtadan dikeldilýän energiýa geçişini tizleşdirdi. Türkiye geografiki ýerleşişi sebäpli möhüm gün energiýasy potensialyna eýe. Energetika ministrliginiň "Gün energiýasy potensial atlasynyň" habar bermegine görä, Türkiyäniň ortaça ýyllyk gün dowamlylygy 2 müň 741 sagat ... Ortaça ýyllyk radiasiýasy bolsa 1527,46 kWt / m2 ...

Türkiyäniň gün energiýasy kuwwaty öňümizdäki 10 ýylyň içinde 500 göterimlik artyş bilen, takmynan 53 gigawata ýetmegine garaşylýar. Şeýlelik bilen, gün energiýasynyň elektrik öndürmegiň iň möhüm çeşmesine öwrülmegi meýilleşdirilýär.

2000-2020-nji ýyllar aralygynda Türkiyäniň ýyllyk elektrik energiýasy 4,4 göterim ýokarlandy. Onuň 2035-nji ýyla çenli ýylda ortaça 3,5 göterim ösüş edip, 510,5 terawat sagada ýeter diýlip çaklanylýar. Gutranykly energiýa sarp edilşinde 2020-nji ýylda 21,8 göterim bolan elektrik energiýa paýynyň, 2035-nji ýylda 24,9 göterime ýetjekdigi çak edilýär.

Türkiyäniň 2020-nji ýylyň ahyrynda 95,9 gigawat derejesinde bolan elektrik energiýasy bilen gurlan kuwwatynyň 2035-nji ýylda 189,7 gigawata çenli ýokarlanjakdygy, jemi gurnalan kuwwatyň düzümindäki gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň bolsa 2020-nji ýyldaky 52 göterimlik derejeden, 2035-nji ýylda 64,7 göterime ýetjekdigi göz öňünde tutulýar.

Şu döwüre çenli güýje girizilmegi meýilleşdirilen 96,9 gigawatlyk täze elektrik kuwwatynyň 74,3 göterimi gaýtadan işlenýän energi çeşmelerinden ybarat. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň arasynda kuwwatylyk taýdan iň uly artyş bolsa gün energiýasynda bolmagy meýilleşdirilýär. Türkiyäniň 2020-nji ýylyň ahyrynda 6,7 gigawat bolan gün energiýa güýjüniň 2035-nji ýylda 52,9 gigawat derejä ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu bolsa Türkiyäniň 2022-nji ýylyň ahyrynda 9,32 gigawat bolan gün energiýasy güýjüniň 2035-nji ýylda takmynan 500 göterim artjakdygy manysyna gelýär. Gün energiýasynda 2035-nji ýylda 52,9 gigawat derejä ýeten halatynda, gün energiýasy Türkiyäniň jemi elektrik togunda iň ýokary paýa eýe bolan çeşme bolar.

Şol sebäpli şonuň bilen baglanşykly her gün täze ädimler edilýär. Olaryň biri hem şu ýylyň maý aýynda Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisinde Ýüzýän Gün elektrik desgalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly kanun taslamasy.

Düzgünnama bilen, agyz suwy bilen üpjün edýän suw howdanlary we batgalyk ýerleri, Kenarýaka kanunynyň çäginde kenarlary we kenar ýakalarydan daşary, deňizler, bent kölleri, emeli köller we tebigy kölleriň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri zolagy hökmünde yglan edilen ýerlerde dikeldiş meýilnamalary bolmazdan gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçilik desgalary gurulyp biliner.

Türkiyäniň ýüzýän gün elektrik desgalarynyň potansialy takmynan 80 müň megawat hökmünde kesgitlenýär.

Ýüzýän gün elektrik desgalary, meýdan görnüşindäki gün elektrik desgalaryny gurmakda ýüze çykan kynçylyklary artykmaçlyklara öwrüp, ulanyjylara amatlylygy üpjün edýär. Ýüzýän elektrik desgalarynyň aşagyndaky suwuň bu desgalary wagtal-wagtal sowatmagyna kömek etmegi paneliň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Gurmak üçin toprak ýa-da gaty ýer talap etmeýän ýüzýän gün elektrik stansiýalarynyň ýerleşdirilmegi üçin, gidroelektrik stansiýalarynyň we agyz suwlarynyň suw howdanlary, hapa suwlaryň ýygnanýan emeli kölleri ýeterlikdir.

Ýüzýän gün elektrik stansiýalary, ýerleşýän suw desgalary sebäpli oba hojalygy, senagat ýa-da söwda maksatly ýerlerde ulanylýan gün elektrik stansiýalary bilen bäsleşmeýär. Meýdan we üçek talap edýän beýleki gün elektrik stansiýalary bilen deňeşdirilende, ilatly ýerleriň golaýynda oturdylyp bilner.

Meýdan görnüşli paneller bilen deňeşdirilende, ýüzýän gün elektrik desgalary dinamiki hereketi üpjün edýär we kölegä sezewar galmazdan hereket edip biler. Ýüzýän gün elektrik desgalarynda tozan we hapalyk derejesi örän pes bolmagy netijeliligiň peselmeginiň öňüni alýar.

Mahmut GÜRER TRT HABAR kanalynyň redaktory

Ýene degişli makalalar

Energetikada Tygşytlylyk Döwri
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Tatar Türkçesi - 2
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady