Günüň batmaýan ýerleri

Irden Günüň dogmagy we agşam Günüň batmagy tebigatyň adatyna öwrülen hem bolsa, dünýäniň käbir ýerinde Aýy görmän ýaşaýanlar hem bar. Ýagny, esasan, Demirgazyk polýusa ýakyn ýerlerde ýylyň belli wagtynda birnäçe aýlap Gün ýaşmaýar. Şol ýerlerde uzak wagtlap Günüň dogmaýan, ýagny diňe gijäniň dowam edýän döwri hem bolýar.

Bu ýerlerde 24 sagadyň 18-20 sagady ýagty bolup, garaňky düşmeýär. Şeýle bolansoň, bu ýerleriň ýaşaýjylary agşam ýatmaly, irden turmaly wagtyny bilmek üçin howanyň ýagdaýyna däl, eýsem, sagadyň diline seredip bilmeli bolýarlar.

Bu ýagdaý Ýeriň Günüň orbitasyndaky ýeri hem-de planetamyzyň orbitada birneme egik ýerleşmegi bilen baglydyr.Bu pasyllaryň emele gelmegine hem sebäp bolýar. Şu ýerlerde ýagtylygyň uzak wagtlap dowam etmegine polýar gündizi, gijäniň dowam etmegine polýar gijesi diýilýär.

Bu ýerlerde Gün batmaýan hem bolsa, günüň belli wagty ýagtylyk pesräk bolýar, emma tüm garaňkylyk hem düşmeýär.Sebäbi bu ýerlere Gün kese düşýär.Ine, gündiziň birnäçe aýlap dowam edýän ilatly ýerleriň käbiri:

Norwegiýa. Ýewropanyň demirgazygyndaky bu ýurt Ýarygije ýurdy diýlip atlandyrylýar.Norwegiýa demirgazyk polýar aýlawynda ýerleşýär.Bu ýurtda maý aýyndan iýul aýynyň ahyryna çenli, takmynan, 76 günläp Gün ýaşmaýar.

Günüň şöhlesi her gün 20 sagat töweregi tutuş sebiti gurşap alýar.Norwegiýanyň gury ýer böleginden ep-esli uzakda ýerleşýän Swalbard adasynda bolsa, 10-njy aprelden 23-nji awgusta çenli Gün ýaşmaýar. Şol sebäpli adanyň adybir şäherine bu tebigy gözellige şaýat bolmak üçin barýan adamlaryň sany az däl.

Islandiýa. Islandiýa Beýik Britaniýadan soň Ýewropa yklymynyň iň uly adasy hasaplanýar.Bu ýurtda 10-njy maýdan iýul aýyna çenli Gün şöhlesi ýalkym saçýar.Bu döwürde Gün hemişe gorizontda bolup, şöhle keseligine düşýär.

Ada gelýän syýahatçylara haýran galdyryjy demirgazyk yşyklaryny synlamakdan başga-da, gyzykly gezelençler, kitlere syn etmek, buz gowaklarynda ýaşamak, milli seýilgählere aýlanmak we welosiped sürmek ýaly çäreler hödürlenýär.

Kanada. Meýdany boýunça dünýäde ikinji orunda durýan ýurduň demirgazyk sebitleri ýylyň dowamynda gar bilen örtülýär. Ýurduň demirgazyk-günbatar sebitlerinde we Inuwik etrabynda tomusda, takmynan, 50 günläp gije bolmaýar.

Gün şöhlesiniň 18-20 sagatlap şöhle saçýan möwsüminde bu ýere müňlerçe syýahatçy barýar.Syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän Kanada, esasan, garda geçirilýän sport görnüşleri we güýmenjeleri bilen meşhurdyr.

Alýaska. Haskileri bilen tanalýan dünýäniň iň sowuk ýerleriniň biri bolan Alýaskada maý aýynyň ahyryndan iýul aýynyň ahyrlaryna çenli Gün ýaşmaýar.Owadan we täsin tebigaty bilen syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan Alýaska galyň buzluklary we gar bilen örtülen daglary bilen meşhurdyr.

ABŞ-nyň gury ýerden serhedi bolmadyk bu ştatyna her ýyl buzluklarda gezelenç etmek, Gün şöhlesine ýalpyldaýan garly daglary we kitleri ýakyndan synlamak üçin 1 million töweregi syýahatçy barýar.

Şwesiýa. Ýokarda agzalan ýerler bilen deňeşdirilende Şwesiýa maýyl hasaplanýar.Bu ýurtda adatça Gün ýary gije töweregi batyp, maý aýynyň başyndan awgust aýynyň ahyryna çenli gije gysga bolýar. Ýagny 20-22 sagatlap Gün şöhle saçyp durýar. Şwesiýa barýan syýahatçylar balyk tutmak, golf oýnamak, lyžada typmak, demirgazyk yşyklaryna tomaşa etmek hem-de milli seýilgählerde gezelenç etmek arkaly wagtyny geçirýärler.

Finlýandiýa. Kölleriň we adalaryň mekany bolan bu ýurduň ýaşaýjylary tomusda 73 günläp garaňkyny görmeýärler. Esasan, gyşky sport görnüşleri bilen meşhur bolan ýurt syýahatçylara gaýykly gezelençleri, tramwaýda şäheri aýlanmak, balyk tutmak we lyžada typmak ýaly güýmenjeleri hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar
“Time” iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi
Şäheriň ähli ilaty bir jaýda ýaşaýar
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy