Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy garyşykda ýaý bilen atmakda altyn medal gazandy

Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy garyşykda ýaý bilen atmakda altyn medal gazandy

Günorta Koreýanyň wekilleri Çže Dok Kim we An San ýaý bilen atmak boýunça garyşyk topar ýaryşynda Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar.

Finalda Günorta Koreýanyň türgenleri Niderlandiýanyň milli ýygyndysy bolan Gabriela Baýardo bilen Stiw Weýleri utdy.Duşuşyk 5:3 hasabynda tamamlandy.Bu altyn Ýaponiýadaky Oýunlarda koreýalylar üçin ilkinji boldy.

Bürünç medaly meksikalylar Alehandra Walensiýa bilen Luis Alwares aldy.Olar türk ýaý atyjylary Ýasemin Anagoz bilen Mete Gazozdan üstün çykdylar.Hasap 6:2 boldy.Kseniýa Perowa bilen Galsan Bazaržapowdan ybarat bolan rus topary 1/8 finalda ýaryşdan çykdylar.

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
Ozalky Prezident we žurnalist ikinji tapgyrda
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde…
“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi
Ilkinji sloweniýaly türgen
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi