Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy şu ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär. Bu barada koreý neşirlerine salgylanyp Biznes Türkmenistan saýty habar berdi.
Kompaniýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä, täze şahamçanyň açylmagy kompaniýanyň türkmen hökümeti bilen has ýakyn gatnaşykda bolmagyna we taslamalar boýunça tiz hyzmatdaşlyk etmegä mümkinçilik döreder.
Daewoo E&C kompaniýasynyň Seul şäherinde ýerleşýän edara binasynda 17-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi
Sapbaýewiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň gatnaşmagynda tükmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Günorta Koreýa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde fosfat dökünlerini öndürýän zawody we Balkan welaýatynda karbamid we ammiak dökünlerini öndürýän zawody gurmagy maksat edinýär.