Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy şu ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Daewoo E&C” kompaniýasynyň prezidenti Baek Jeong-wanyň aýdanlaryna salgylanyp, “BusinessKorea” žurnaly penşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä, täze şahamçanyň açylmagy kompaniýanyň türkmen hökümeti bilen has ýakyn gatnaşykda bolmagyna we taslamalar boýunça tiz hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik döreder.

“Daewoo E&C” kompaniýasynyň Seul şäherinde ýerleşýän edara binasynda 17-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýewiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň gatnaşmagynda tükmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

“Men maý aýynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparymdan iki aý soň Günorta Koreýada siz bilen ýene-de duşuşanyma begenýärin. “Daewoo E&C” kompaniýasyna berilýän şahsy goldaw üçin minnetdarlyk bildirýärin we kompaniýanyň işgärleri “Daewoo E&C” tarapyndan işjeň ösdürilýän iki dökün zawodynyň taslamasyny taýýarlamak, üpjün etmek we gurmak boýunça şertnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin elinden gelenini edýärler” diýip, kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jung Won-ju duşuşygyň barşynda aýtdy.

Günorta Koreýa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde fosfat dökünlerini öndürýän zawody we Balkan welaýatynda karbamid we ammiak dökünlerini öndürýän zawody gurmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar
Türkmenistanlylara Russiýa syýahat etmek üçin elektron wiza berler
Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary ABŞ-nyň Gün Tertibinde
Aşgabatdaky City Business School mowzuklaýyn işewürlik ertirligini guraýar
Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçy